Top.Mail.Ru

Geçen hepdede Türkmenistanyň biržasynda 31 million dollarlyk geleşik baglaşyldy

23:4317.04.2021
0
5854

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Kipriň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, polipropileni, uçar kerosinini, nebit bitumyny dizel ýangyjyny satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň täjirleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 awtobenzinini, Russiýanyň telekeçileri bolsa polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan döwletleriniň wekillerine daşary ýurt walýutasyna reňksiz aýna, gidroarassalanan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 31 million 236 müň dollaryndan gowrak boldy.

Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Ermenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 3 million 765 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 63 million 144 müň manatlykdan gowrak plastik paddonlary, pagta süýümini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň