Türkiýe «Bitcoin» kriptowalýutasyny gadagan etdi

18:0117.04.2021
0
1179

Türkiýäniň Merkezi Banky «Bitcoin» kriptowalýutasyny töleg ulgamy hökmünde ulanmaklygy gadagan etdi we bu babatdaky kanunyň şu ýylyň 30-njy aprelinde güýje girjekdigini habar berdi. Bu habardan soň, Türkiýede «Bitcoin» kriptowalýutasynyň alyş-çalyş hümmeti takmynan 3 göterim pese gaçdy we onuň birža söwdalaryndaky nyrhy 61,490 dollar boldy.

Türkiýäniň Merkezi Banky tarapyndan berlen beýana görä, sanly walýuta ulgamy köp mukdardaky maliýe zyýanynyň döremegine ýol açýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň