Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Has takygy, Hökümet mejlisinde
Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça 4 sany desgany bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak;
ýurdumyzyň intellektual eýeçiligi goramak ulgamyny ösdürmek we degişli ulgamda hereket edýän döwlet edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilen işler;
nebiti we gazy çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň mukdaryny artdyrmak, pudagyň çig-mal binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatyny ösdürmäge, diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen iri maýa goýum taslamalaryny ilerletmek maksady bilen görülýän çäreler;
ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şu günler dowam edýän gowaça ekişiniň depginleri;
ýazlyk ýeralma ideg etmek, gök-bakja ekinleriniň ekişine, galla oragyna görülýän taýýarlyk işleri;
«Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini gurmak hakyndaky» Kararyň taslamasy;
«Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan daşaýjylary awtoulagda halkara gatnawlara goýbermegi düzgünleşdirmek boýunça görülýän çäreler;
nyrhlar babatda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň elektron maglumatlar binýadyny döretmek we onuň elýeterliligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de «Dokmaçylar» medeni merkeziniň täze binasynyň taslamasy;
medeniýet edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler hem-de Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi;
bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar meseleleri boýunça kararlaryň taslamalary;
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisiniň netijeleri;
Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň taslamasy;
ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleriniň netijeleri ýaly meselelere seredildi.