Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýi welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň hünärmenleri bilen onlaýn görnüşde usulyýet maslahatyny geçirdi.
Muzeýleriň esasy wezipesi bar bolan we täze gelip gowşan muzeý gymmatlyklaryny gorap saklamakdan we olary ylmy taýdan öwrenip, ähmiýetini wagyz etmekden ybaratdyr.
Şu gezekki maslahatda muzeý gymmatlyklary bilen bagly resminamalary doldurmak, işi talaplara laýyklykda ýöretmek barada pikir alşyldy.
Döwlet muzeýiniň gaznasynyň elektron bazasyny sertifikatlaşdyrmak we guramak bölüminiň müdiri E.Baýaýewa Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan tassyklanan «Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we goramak baradaky» Düzgünnama barada jikme-jik gürrüň berdi. Ylmy we usulyýet bölüminiň başlygy O.Saparowa bolsa öz çykyşynda muzeý gaznasynyň pasportlaryny doldurmagyň we ylmy we usulyýet resminamalaryny ýöretmegiň tertibine ünsi çekdi.
Maslahatyň dowamynda muzeý işgärleri özlerini gyzyklandyrýan sowallary bermäge mümkinçilik aldylar.
Wideomaslahata gatnaşyjylar şeýle tejribe alyşmagyň muzeýleriň işini gowulaşdyrmaga kömek edýändigini bellediler.