Soňky habarlar

Arhiw

Halaçdaky keramiki-bezeg kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 10 milliondan gowrak kerpiç öndürildi

15:4816.04.2021
0
1263

Geçen ýylyň dekabr Halaç etrabynyň Surh geňeşliginiň çäginde açylyp, ulanylmaga berlen keramiki-bezeg önümlerini öndürýän kärhanada şu ýylyň başyndan bäri kerpiçleriň 10 milliondandan gowragy öndürilip, müşderilere ugradyldy. Bu kuwwatly kärhananyň «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýetine degişlidigini ýatladýarys.

Önümçiliginiň ilkinji tapgyrlarynda bu ýerde müşderileriň isleglerine görä, keramiki-bezeg kerpiçlerini öndürmäge girişildi. Sary we gyzyl reňkdäki kerpiçler taýyn bolan dessine sargyt edilen ýerine sary ugradylýar.

Ilkinji önümçilikden sary reňkli kerpiçleriň üç görnüşiniň bardygyny aýtmak gerek. Olaryň bir görnüşiniň daşy doly tekiz bolup, galan iki görnüşi dürli şekiller bilen bezelendir. Gyzyl kerpiçler bolsa bir ― doly tekiz görnüşinde öndürilýär.

Ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan bolan müşderilere şeýle kerpiçleriň 10 milliondan gowragy ugradyldy. Ýokary hilli we elýeter bahaly kerpiçlerden müşderileriň ählisi hoşal.

Häzir keramiki-bezeg kerpiçlerini Özbegistana eksport etmek boýunça hem gepleşikler geçirilýär. Halaçda öndürilýän ýokary hilli gurluşyk önümine özbek işewürleriniň ikisi isleg bildirýär. Olaryň her haýsy uly mukdarda kerpiç satyn almagy meýilleşdirýär.

Ýokary hilli gurluşyk önümleri üçin esasy çig mal bolan toýun Sakar we Döwletli etraplaryndaky ýataklardan getirilýär. Çig mal kärhananyň özüne degişli «Ford» kysymly ýük ulaglary bilen daşalýar.

Kuwwatly kärhananyň açylmagy bilen, 200-e golaý adama döwrebap iş şertleri döredildi. Olar ähli zerur şertler we mümkinçilikler bilen doly üpjün edilýär. Merkezi Aziýada iň iri keramika-bezeg kärhanasynyň hünärmenleriniň indiki maksatlarynyň arasynda önümçilige termobloklary goşmak hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň