Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň ilçisini kabul etdi

23:2615.04.2021
0
3292
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň ilçisini kabul etdi

15-nji aprelde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň jemleriniň tutuş adamzadyň abadançylygyna gönükdirilen umumy maksatlaryň amala aşyrylmagynda dünýä döwletleriniň arasynda özara düşünişmek we hormat goýmak gatnaşyklarynyň ösdürilmegini üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

Söhbetdeşlikde ýangyç-energetika toplumynda, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamdaky netijeli tagallalary işjeňleşdirmek üçin türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň