Türkmenistanly talyp gyz Russiýada geçirilen gözellik bäsleşigine gatnaşdy

22:4115.04.2021
0
7485

Orlow şäherinde geçirilen «Russiýadaky halklar assambleýasy» gözeli» gözellik bäsleşigine 11 döwletden 14 wekil gatnaşdy. Olaryň arasynda Alžiriň, Ermenistanyň, Beniniň, Müsüriň, Kamerunyň, Kongonyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Russiýanyň wekilleri bar.

Bäsleşikde biziň ýurdumyza Orlow döwlet agrar uniwersitetiniň talyby, geljekki weterinar Şeker Ýaşuzakowa wekilçilik etdi. Ol bäsleşigiň «Sahnada ezber gözel» we «Internet gözeli» ugurlary boýunça ýörite baýraklara mynasyp boldy.

Bäsleşikde gatnaşyjy gyzlaryň diňe bir gözelligine üns berilmän, eýsem, olaryň öz ýurdunyň milli däp-dessurlaryny bilşine hem baha berildi.

Bäsleşigiň baş baýragyna ýerli wekil Anna Maşkina mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň