Türkmenistan daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň "Merkezi Aziýa+Hytaý" gepleşiklerine gatnaşdy

19:3713.04.2021
0
5975

13-nji aprelde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa we Hytaý” formatynda ministrleriň derejesindäki ikinji mejlisine taýýarlyk görmekden ybarat. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi.

HHR-nyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuçen özüniň giriş sözünde gatnaşandyklary üçin kärdeşlerine minnetdarlyk bildirdi we bu formatda özara gatnaşyklara ýokary baha berdi.

Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary çykyşlarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öz garaýyşlaryny hem-de tekliplerini beýan etdiler. Syýasy-diplomatik ugur, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hereketleriň esasy ugurlaryna seredildi.

Taraplar öňde boljak “Merkezi Aziýa we Hytaý” formatdaky Daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň mazmunyny ara alyp maslahatlaşdylar, geçiriljek mejlisiň deslapky gün tertibi boýunça öz tekliplerini beýan etdiler we bilelikdäki jemleýji resminamalaryň taslamalaryna seretdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň