Türkmenistanyň raýatlary Kazan – Türkmenbaşy howa gatnawy bilen öz Watanyna gaýdyp geldi

15:0309.04.2021
0
47725

Şu gün "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň Boeing 777-200LR Kazan – Türkmenbaşy hawa gatnawyny amala aşyrdy. Bu uçar bilen Russiýa Federasiýasyndan türkmen raýatlary Watanyna dolandy.

“Tatar-inform” habarlar gullugynyň Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygyna salgylanyp habar berşi ýaly, global pandemiýa sebäpli Russiýada galan 275 türkmenistanly öýlerine dolandy.

Türkmenistan daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarynyň alyp gelmek boýunça işlerini dowam etdirýär.

2021-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň 179 raýaty Täjigistandan çarter reýsi arkaly gaýdyp geldi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň