Soňky habarlar

Arhiw

Koronowirus alamaty bolmadyk türkmen raýatlarynyň bir topary Täjigistandan getirildi

23:3418.03.2021
0
26962

17-nji martda «Türkmenhowaýollarynyň» uzak ýoldan gelen ýolagçy uçary Türkmenabat şäherindäki Halkara howa menziline gondy. Ýörite uçuşy amala aşyran uçar Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinden 179 ýolagçyny alyp geldi. Olaryň 168-si koronawirus pandemiýasy sebäpli uçuşlar bes edilenden soň, bu ýurtda galmaga mejbur bolan Täjigistanyň ýokary okuw mekdepleriniň türkmenistanly uçurymlarydyr.

Ýolagçylaryň biri «Türkmenportala» Täjigistandan gelenleriň hemmesiniň koronawirus barlagyndan geçirilendigini aýtdy. Deslapky maglumatlara görä, barlagdan geçirilenleriň hiç birinde-de keseliň alamatlary anyklanmady. Muňa garamazdan, BSGG-nyň tekliplerine laýyklykda bu uçuşdaky ýolagçylar hökmany üç hepdelik karantini geçerler.

«Türkmenportal»-a mälim bolşy ýaly, ýakyn wagtda Özbegistanda galan türkmen raýatlary üçin hem ýörite uçuş guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň