«Gadymy Merw» ýadygärlikler toplumynyň çäginde ylma näbelli bolan ýadygärlikleriň ýen-de 12-si döwlet tarapyndan bellige alyndy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Olar çaklaňja depelerdir diwar galyndylarydyr. Olar «Gadymy Merwde» soňky geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykaryldy. Has takygy, geçen güýzde geçirilen arheologiki işler ylmy netijelere, täze açyşlara baý boldy. Gymmatly tapyndylaryň her biri üçin pasport döredildi.
Gymmatlyklaryň bürünç eýýamyna degişli bolmagy çaklanylýar.
«Gadymy Merw» döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Rejep Jepbarow indi bu ýerde döwlet tarapyndan bellige alnan taryhy gymmatlyklaryň sanynyň 400-e golaýlaşandygyny belleýär.