Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň E-commerce hyzmaty

18:5008.04.2021
0
3591

Häzirki döwürde sanly ykdysadyýete häzirki döwrüň hereketlendiriji güýji hem-de ykdysady ösüşiň möhüm şerti hökmünde garalýar. “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan” hem-de “Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipelere laýyklykda, häzirki wagtda döwlet edaralary we hususy kärhanalar tarapyndan “e-commerce”, ýagny elektron söwdasy giňden ulanylýar, köp sanly hyzmatlaryň we harytlaryň “online” söwdalary gurnalýar.

Bu babatda “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky hem müşderilerine sanly tehnologiýalara esaslanýan “e-commerce” hyzmatyny hödürleýär. Bankyň “e-commerce” platformasyndan birnäçe kärhanalaryň saýtlary peýdalanýarlar:

  • Aşgabat şäher telefon ulgamynyň web-saýty – islendik bankomatdan “SMS – habar bermek” hyzmatyny birikdirmek arkaly, Internet, öý telefony we IP-telewideniýe üçin islendik wagt nagt däl görnüşdäki elektron tölegleri geçirmek mümkinçiligini döredýär.
  • Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň web-saýty – fiziki şahslar we ýuridiki taraplar üçin ätiýaçlandyrmagyň dürli görnüşlerini, meýletin we hökmany ätiýaçlandyrma hyzmatyny saýt arkaly sargyt edip, internetiň üsti bilen nagt däl görnüşdäki elektron tölegleri geçirmek mümkinçiligini döredýär.
  • “Ak Yol Computers” kärhanasynyň dükanynyň web-saýty – elektronika, öý üçin tehnikalary, kompýuter enjamlaryny we olaryň gurluş şaýlaryny onlaýn usulda sargyt etmek we internet arkaly nagt däl görnüşdäki elektron tölegleri geçirmek mümkinçiligini döredýär.
  • Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky “Bagtyýar” myhmanhanasynyň web-saýty – dynç almak we wagtlaryny hoş geçirmek isleýän raýatlara saýt arkaly “Bagtyýar” myhmanhanasynyň otaglaryny saýlap, öňünden sargyt edip, internetiň üsti bilen nagt däl görnüşdäki elektron tölegleri geçirmek mümkinçiligini döredýär.

Bu saýtlaryň ählisinde “Altyn asyr” bank kartlaryny rekwizitlerini, ýagny bank kartynyň belgisini, möhletini, karty saklaýjynyň adyny we familiýasyny, CVC2 koduny girizip, nagt däl görnüşinde degişli hyzmatlar üçin tölegleri geçirmek bolýar. Bu hyzmat wagt we goşmaça harajat sarp etmezden, müşderilere internet sahypasyndan tölegleri geçirmäge mümkinçilik döretmek bilen birlikde, goşmaça maglumatlary bermek we töleg amallary barada SMS arkaly habar bermek ýaly aýratynlyklara eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň