Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzly ataly ogul Türkmenistanda seýrek gabat gelýän gülleri ösdürip ýetişdirýärler

17:3706.04.2021
0
3652

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň «Zähmet» geňeşliginiň ýaşaýjylary – ata-ogul Emin we Enwer Saparbaýewler boş wagtlaryny peýdaly işe – gül nahallaryny ösdürip ýetişdirmeklige bagyşlaýarlar. Gül nahallary soňra olaryň obadaşlarynyň öylerine we howlularyna «göçürilýär». Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Maşgalanyň ösdürip ýetişdirýän bezeg gülleriniň arasynda – ýasy ýaprakly iki ülüşli tolstýankanyň ― «pul daragtynyň» hem-de Günorta Afrikada ösýän, howany zyýanly garyndylardan we kömürturşy gazdan ýokary derejede arassalamaga ukyply, insiz ýapraklyja köpýyllyk otpisintli gyrymsy çogdam gül ― hlorofitumyň şitilleri bar.

Saparbaýewleriň maşgalasynyň ýetişdirýän gülleriniň ýene birisi-de bejeriji, şypaly eoniumdyr. Ýasy ýaprakly iki ülüşli tolstýanka toparyna degişli eonium köpýyllyk bezeg güli hasaplanýar we onuň boýy 5 sm-den 60-sm beýiklige çenli uzaýar.

Bu ýerde dodakgüllüler maşgalasyna degişli koleusyň birnäçe görnüşleri we köplenç «daş bägül» ýa-da «daş gül» diýlip atlandyrylýan otag eheweriýasy hem ýetişdirilýär.

Gülçülik ata-ogul Saparbaýewleriň ýörite öwrenen kärleri däl. Olaryň öz aýtmaklaryna görä, ekerançylyk, daýhançylyk işleri bilen meşgullanmaklary gözelligiň nusgasy bolan güllere söýgi döredipdir. Ata-ogluň ösdürip ýetişdirýän öý güllerinden ýeke bir öz obadaşlary peýdalanman, olara tarp ýerli etrabyň beýleki obalarynda-da isleg bildirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň