Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmentelekom» «Belet Film» onlaýn kinoteatrynyň täze hyzmatyny hödürledi

13:0202.04.2021
0
48025

«Belet Film» «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň we «Jan tehnologiýa» hojalyk jemgyýetiniň täze hyzmaty bolup, filmleriň, teleseriýallaryň we multfilmleriň ýygyndysy bolan onlaýn kinoteatr — diýip, «telekom.tm» web sahypasynda habar berilýär.

Indi täze «Belet Film» hyzmatynyň kömegi bilen, filmlere we teleýaýlymlara tomaşa etmek has aňsatlaşdy. Müşderiler täze hyzmata şahsy hasaby, şeýle «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine ýüz tutmak arkaly birigip bilerler.

Häzirki wagtda «Belet Film» hyzmaty «Android» we «IOS» ulgamlary üçin elýeterlidir. Şahsy kompýuterden baglanmak üçin bolsa web wersiýasy (film.belet.com.tm) işlenip düzülýär. Ol ýakyn wagtda müşderiler üçin elýeterli bolar.

Filmleri enjamyň ýadyna göçürip, internetsiz görmek bolýar.

Filmleriň sany yzygiderli köpelýär we ýakyn wagtda dünýä klassik filmlerinden başlap, 2021-nji ýylyň täze önümlerine çenli 5000-den gowrak dürli žanrlardaky film we seriýallar elýeterli bolar.

Täze hyzmat enjama däl-de, Internet ulgamyna baglanýar. Bu bolsa ähli maşgala agzalarynyň täze hyzmatdan peýdalanjakdygyny aňladýar. Şeýlelikde, sekuntda 8 megabita çenli tizlik, şol bir wagtyň özünde birnäçe enjamdan onlaýn film görmäge mümkinçilik dörär.

Abuna bahasy aýda 30 manat.

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bu hyzmatyň täze döredilendigi sebäpli, belki-de başda ähli ulanyjylaryň gözleýän zadyny tapyp bilmejekdigini belleýär. Şeýle ýagdaýda üçin filmiň ýa-da seriýalyň adyny belet@online.tm ýazyp bilersiňiz. «Belet Film» topary müşderileriň islegini öwrenip, filmleri gysga wagtda öz sanawyna goşar.

Doly maglumaty 071 belgisi boýunça alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • IMO: +993 61 392241
  • IG: @beletvideo
  • belet@online.tm
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň