Soňky habarlar

Arhiw

«Miweli ülke» önümçiliginiň gerimini giňeldýär

18:2826.03.2021
0
6123

«Miweli ülke» hususy kärhanasy 25-nji martda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gaýgysyz Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginde täze gurlan ýyladyşhananyň açylyş dabarasynda guralan oba hojalyk önümleriniň sergisine gatnaşdy.

Sergide kärhana tohumlyk ýeralmanyň 20-den gowrak görnüşini, şeýle hem beýleki miwe we gök önümlerini hödürledi.

Belläp geçsek, «Miweli ülke» HK ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredimeginiň 13 ýyllygy mynasybetli Söwda-senagat edarasynda geçirilen sergide hem önümleriniň giň toplumyny görkezdi.

Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän «Miweli ülke» hususy kärhanasy ýylyň ähli pasyllarynda ýerli sarp edijileri ter miwe hem-de gök önümleri bilen üpjün edip gelýär. Öz işini 2016-njy ýylda ýola goýan kärhana iş gerimini barha giňeldýär. Häzir kärhana degişli 1000 tonnalyk sowadyjy ammar bar. Şol bir wagtyň özünde sygymy 10 müň 212 tonna bolan täze ammaryň gurluşygyna girişildi. Bu bolsa ýylyň islendik wagtynda ilaty ter miwe we gök önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem banan we sitrus miwelerini ýetişdirmek boýunça ýyladyşhananyň gurluşygy hem alnyp barylýar.

Kärhanada häzirki wagtda 600 gektardan ybarat ýer böleginde tohumlaýyn ýeralmany ösdürip ýetişdirmek boýunça işleri alyp barýar.

«Miweli ülkäniň» «Hoşwagt» haryt nyşanly kofeleri, mekgejöwenden we bugdaýdan taýýarlanan çipsileri we beýleki önümleri Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan ýaly döwletlere eksport edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň