Soňky habarlar

Arhiw

«Report» garaşsyz habar agentligine Türkmenistandan akkreditasiýa berildi

17:1126.03.2021
0
5983

Azerbaýjanyň «Report» garaşsyz habarlar agentligi 2021-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan akkreditirlendi.

Habar gullugynyň beýanynda «Neşiriň işgärleri bu wakadan hoşaldyr. Olar doganlyk Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik-medeni ugurlarda gazananlaryny görkezmek üçin ähli tagallalary eder» diýilýär.

«Report-IA» garaşsyz habarlar agentligi 2014-nji ýylda döredildi. Şol ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda onuň esasy web çeşmesi (www.report.az) öz işine başlady. Merkezi edarasy Bakuwda ýerleşýän «Report» habarlary üç dilde ― azerbaýjan, rus we iňlis dillerinde ýaýradýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň