Arhiw

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi naýbaşy innowasion taslamalaryň bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar

09:5919.03.2021
0
9508

“Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2019 – 2021-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda, sanly ulgamda programma üpjünçiliklerini we innowasiýalary işläp düzmek bilen meşgullanýan ýaş hünärmenleri höweslendirmek maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi “Sanly çözgüt–2021” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan edýär.

Ýeňijiler aşakdaky ugurlar boýunça kesgitleniler:

  • saglygy goraýyş;
  • ylym we bilim;
  • ulag we logistika;
  • senagat;
  • oba hojalygy;
  • robototehnika;
  • hyzmat ulgamlary.

Bäsleşige gatnaşmak üçin «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň resmi saýtyna elektron arza bilen ýüz tutmaly, şol ýerde bäsleşigiň şertleri bilen giňişleýin tanşyp bilersiňiz. Arzalar 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli kabul edilýär. Bäsleşigiň netijeleri «Türkmentel – 2021» halkara sergisiniň çäklerinde jemlener.

Doly maglumat almak üçin: (+99312) 98-12-12 / 98-13-13.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň