Türkmenistan halkara taslamalaryň birnäçesine goşuldy

22:5613.03.2021
0
8115

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 13-nji maslahatynda halkara taslamalaryň hem birnäçesine seredildi ― diýip, TDH habar berýär.

Has takygy, maslahatda

«Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany tassyklamak hakynda»,

«Bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda», «Iş üpjünçilik syýasaty hakyndaky 122-nji Konwensiýany tassyklamak hakynda»,

«Patent hukugy hakyndaky Şertnama goşulmak hakynda»,

«Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda»,

«Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk institutyny esaslandyrmak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Mejlisiň kararlarynyň taslamalary hödürlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň