Türkiýäniň Deňizli şäherinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy.
TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Deňizli şäher häkimligi bilen bilelikde guran sergisinde ýokarda agzalan döwletleriň tebigy, taryhy we binagärlik gözelligini, medeniýetini we sungatyny şekillendirýän suratlar bar.
Serginiň açylyş dabarasyna Deňizli welaýatynyň häkimi Ali Fuat Atyk, Deňizli şäheriniň häkimi Osman Zolan, TÜRKSOÝ-yň wekili Sanjar Mülýazymoglu we köp sanly myhman gatnaşdy.
Çärä gatnaşyjylar şeýle sergileriň türk dünýäsiniň ýurtlarynyň arasyndaky hoşniýetli we doganlyk gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna goşant goşýandygyny bellediler.
Bu surat sergileri Türkiýäniň beýleki şäherlerinde hem dowam etdiriler.