Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda gar ýagmagyna garaşylýar

17:2210.03.2021
0
53892

Hepdäniň ahyrynda, ýagny şenbe güni Türkmenistanyň tutuş çäginde diýen ýaly garyň ýagmagyna garaşylýar.

12-nji martda Aşgabatda howanyň temperaturasy +12 gradus bolar, 80%-e çenli ähtimallyk bilen gar gatyşykly ýagynyň ýagmagy mümkin. 13-nji martda, ýagny şenbe güni garyň ýagmak ähtimallygy 100%-e barabar bolup, gündizine howa -2 gradusa, agşam bolsa -7 gradusa çenli sowar. Sowuk howa ertesi gün hem dowam eder, ýöne 15-ne howanyň azda-kände ýylamagy mümkin.

Ahal welaýatynyň Änew, Tejen, Bäherden etraplarynda hem, çen bilen, şeýle howanyň bolmagyna garaşylýar.

12-nji martda Balkan welaýatynda-da ýagyş ýagar. Şemal gündogardan öwser we agşam günorta-gündogara ugruny üýtgeder. Gije ýagyş gara öwrülip, temperatura +5 gradusa çenli bolar. 13-nji martda günüň dowamynda az-kem gar ýagar, howa gündizine - 0, agşam - 2 gradus bolar. 14-nji martda howa açylar.

12-nji martda Daşoguz welaýatda bulutly howa bolar, gündiz howanyň temperaturasy +1 .. +3 derejä ýetip, şemalyň demirgazyk-gündogardan öwüsmegine garaşylýar. Martyň 12-sinden 13-ine geçilýän gije garyň ýagmagy mümkin. Şenbe güni günuzyn garyň ýagmagyna, howanyň temperaturasynyň -4 ... -6 gradus bolmagyna garaşylýar. 14-nji martda açyk we güneşli howa bolup, howanyň temperaturasynyň -5 gradusa çenli noldan aşak düşmegi ähtimal. 15-nji martda gündiz howanyň 0 ... + 2 gradusa çenli maýlamagyna garaşylýar.

Mary welaýatynda 12-nji martda howa bulutly, ýöne +20 gradusa çenli maýyl bolar. Gijelerine azajyk ýagyş ýagar. 13-nji martda - şenbe güni günüň dowamynda ýagyşly howa garaşylýar, howanyň temperaturasy + 1 ... + 2 gradus bolar. Agşam ýagşyň gara öwrülmegi mümkin, temperatura -5 gradusa çenli aşak düşer. 14-nji martda howa açylyp, gündizine temperatura  + 3 ... + 4 gradus bolar.

Lebap welaýatynda howanyň 12-nji martda bulutly bolmagyna, gündizine howanyň temperaturasynyň + 17 ... + 21 gradusa ýetmegine garaşylýar. Agşam howanyň temperaturasy +12 gradusa ýetip, ýagşyň ýagmagy we onuň 13-nji mart - şenbe güni hem dowam etmegi ähtimal. Günüň ortalarynda güýçli bolmadyk ýagşyň haýaljak gara öwrülmegi mümkin. Agşam howanyň temperaturasy -6 gradusa düşer. 14-nji martda günortan howa açylyp, temperatura 0 ... - 2 gradus bolar. 15-nji martda +8 gradusa çenli maýyl we açyk howa bolar diýlip çaklanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň