Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi

23:1808.03.2021
0
5961

Şu gün Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlarynyň hormatyna baýramçylyk konserti geçirildi. Onda meşhur estrada aýdymçylary, dürli aýdym-saz we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri çykyş edip, gelin-gyzlary mübäreklediler.

Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň artistleri, “Dokmaçylar”, “Serpaý”, “Galkynyş” folklor toparlary, “Meňli” tans topary aýdym-sazly çykyşlaryň dabarasyny belende göterdiler.

Konsertde ajaýyp aýdym-sazlar, folklor çykyşlary, meşhurlyk gazanan we täze aýdymlar, nusgawy sazlar, döwrebap çykyşlar, şeýle hem daşary ýurtlaryň aýdym-sazlary, şol sanda italýan, iňlis, hindi, türk, özbek, gazak we ermeni halklarynyň aýdymlary ýaňlandy.

Bu ýerde guralan dabara köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri we dürli pudaklarda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar. Şeýle hem baýramçylyk dabarasyna daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara düzümleriň zenan wekilleri çagyryldy.

Konsertiň başynda gelin-gyzlara bagyşlanan edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň toparlary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Soňra sahnada sungat ussatlarynyň we ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olar aýdym-sazlaryny ýurdumyzyň zenanlaryna bagyşladylar. Bu çykyşlar enelere bolan söýgi, hormat, hoşallyk duýgulary we nurana arzuwlar bilen utgaşdy.

Estrada çykyşlary, joşgunly tanslar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary, baýramçylyk gutlaglary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Ajaýyp aýdymlar arkaly türkmen baharynyň we mährem gelin-gyzlaryň gözelliginiň waspy ýetirildi. Munuň özi şahyrlary, kompozitorlary we aýdymçylary belent döredijilige ruhlandyrýan gymmatlyklar bolup durýar.

Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda “Diýarymyň owadan, bagtyýar zenanlary” atly aýdym ýaňlandy. Ol ýurdumyzyň ähli enelerine, gelin-gyzlaryna, söýgüli we mähriban zenanlara bagyşlandy. Gelin-gyzlar dünýämiziň bezegi, onuň abadançylygy bolup durýar we ajaýyp sazlaşyk, şatlyk, ruhubelentlik eçilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň