Soňky habarlar

Arhiw

«Aýdyň gijeler» Halkara zenanlar güni mynasybetli bäsleşik yglan edýär

18:2007.03.2021
130
60147
«Aýdyň gijeler» Halkara zenanlar güni mynasybetli bäsleşik yglan edýär

«Aýdyň gijeler» kompaniýasy 6-15-nji mart aralygynda 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli bäsleşigi yglan etdi. Bäsleşigiň ýeňijileri üçin «Aýdyň gijeler» HJ-niň öndürýän iki sany smart full HD android telewizoryny sowgat almak mümkinçiligi bolar! 

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, «Türkmenportal» web sahypasynda we beýleki sosial ulgamlarynda ýerleşdirilen şu habaryň şeýle-de wideonyň aşagynda «Aýdyň gijeler» kompaniýasy we önümleri barada teswir goýmaly.  

Iň oňat, iň gyzykly we täsirli teswirleriň awtorlary «Aýdyň gijeler» tarapyndan öndürilen telewizoryň eýesi bolarlar. Ýeňijiler kompaniýanyň özi tarapyndan saýlanylar. Şeýle-de bäsleşigiň ýeňijilerine «Aýdyň gijeler» HJ-niň önümçilik ojaklary, telewizorlaryň önümçiligi we ýaňy-ýakynda açylan «Aýdyň gijeler — tehnologiýalar merkezi»  bilen tanyşdyryş  we iki sany ýeňijä «Tolkun» brendli telewizor baýragyny gowşurylyş dabarasy guralar.

2016-njy ýylda Türkmenistanyň Senagat we Gurluşyk önümçilik Ministrligi bilen bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti döredildi. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup elektron enjamlarynyň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy. 

Häzirki döwrüň talaplaryny ussatlyk bilen özleşdirýän hünärmenler döwrebap enjamlara erk edip, 3-den 96-watt çenli ýagtylyk derejesi bolan, degişli talaplara doly laýyk gelýän LED lampalaryň we asylýan LED potolok çyralarynyň, ýokary watly awtomobil ýollaryny aýdyňlatma alýumin prožektorlarynyň her günde müňlerçesini taýýarlaýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň hut öziniň goldamagy bilen «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýyllyk kuwwatlygy 100 müň sany, dürli ölçegde 32-42-55 «Tolkun» we «Zemin» brendli Smart telewizorlarynyň,  şeýle-de «Älem» brendli 65 dýuýmly 4K telewizoryň  önümçiligini ýola goýdy.  Ýakyn wagtda, «Milli» brendli smartfonlar, «Uçgun» brendli routerler, «Körpe» brendli öýjükli telefon, öý hojalyk enjamlary-suw dispanseri we «Mylaýym» brendli split kondisionerleriniň,  «Şowly» brendli monobloklaryň  önümçilikleri ýola goýulyp, gurluşyk işleri dowam edýär.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Toyly2577 ( 07/03/2021 )

BAsga HIc zat alma dine AYDYN GIJELR KOMPANIYASYNYN zatlaryny al islendik adam okanda su teswiri baa mende uly tasir galdyrdy diyejek hakykatdan seyle mendede uly tasir galdyrdy

152
Fenix ( 08/03/2021 )

Gysga wagtda bolduň ýurda sarpaly, Ümzügiň öňedir, "Aýdyň gijeler"! "Tolkun", "Zemin", "Älem", "Uçgun", "Körpe"-li... Buýsançlar saňadyr, "Aýdyň gijeler"! Dünýä ülňüsine taýdyr önümleň, Milli a:tlarmyza baýdyr önümleň, Jana rahat, göwne jaýdyr önümleň, Jahany ýaň eder "Aýdyň gijeler"! Hem kämil, hem ykjam, hem-de döwrebap Önümleriň hili belent şygra bap! Arkadagyň paýhasyndan nusgalap, Türkmeni şan eder "Aýdyň gijeler"!

158
MTV ( 07/03/2021 )

Производство собственных телевизоров в Туркменистане на базе созданного предприятия "Айдын гиджелер" стало по-настоящему прорывом в сфере технологии не только в Туркменистане, но и в регионе Центральная Азия. Впечатляет ассортимент и планы компании за столь короткий срок. Особенно следует отметить стремление компании к инновационому подходу в менеджменте и управление. Заказ продукции по интернету является преимуществом. Молодцы! Желаю процветания! Горжусь!

146
hanov ( 08/03/2021 )

Men ovemok Men aydamok Men yayamok Yone hilinden adamlaryn dilinden dusenok "Tolkun","Zemin","Älem"telewizorlaryn, "Uçgun"routerlerin, "Körpe"telefonlaryn, Mylayym kondisionerlerin . Ilatyn icinde mys mys,dinlesem taze onumleri jykjakmys Aydyn gijelerin!!! Seretsem gepimden ovene menzeyan yone halkyn arasynda hit bolana seretman dasary yurtam eksport edilen onumlerine ulag isleg bildirip durman gecyani ucin gepim gysga edeyin. Isinde ustinlik Aydyn gijeler

78
hanov ( 08/03/2021 )

Men ovemok Men aydamok Men yayamok Yone hilinden adamlaryn dilinden dusenok "Tolkun","Zemin","Älem"telewizorlaryn, "Uçgun"routerlerin, "Körpe"telefonlaryn, Mylayym kondisionerlerin . Ilatyn icinde mys mys,dinlesem taze onumleri Sowly monoblaryn jykjakmys Aydyn gijelerin!!! Seretsem gepimden ovene menzeyan yone halkyn arasynda hit bolana seretman dasary yurtam eksport edilen onumlerine ulag isleg bildirip durman gecyani ucin gepim gysga edeyin. Isinde ustinlik Aydyn gijeler

60
Qwertyu154 ( 07/03/2021 )

Nirede siz aydyn gije

68
Ruslan_Yusupov ( 07/03/2021 )

В телевизоре производителя Aydyn Gijeler, ВНИМАНИЕ, примерно 11059200 пикселей, невероятно, но это всего ~ 0,000180844907407 копеек за пиксель! Если вы думаете, что это много, то вспомните, вышедший на рынок в 2000 году телефон Siemens A35, тот при стоимости в несколько раз больше, имел экран 5184 пикселей. Этот телевизор для тех, кто знает и ценит стоимость каждого пикселя :-). К сожалению не смог себе позволить данное чудо инженерной техники. Вчера очень захотел кушать и вспомнил, что у меня отложено 1500 манатов. Взвесив все «за» и «против» купил себе 832 пачки ролтона, потому что понял, что при употреблении один раз в день, мне этого хватит где-то на 3 года, а гарантия у телевизора гораздо меньше :-)))

128
MIWA ( 09/03/2021 )

А срок годности у ролтона век чтолы

60
Perhatowich ( 08/03/2021 )

Durmuşymyza has öwüşgin goşjak "Akylly" telewizorda Ýurdumyzyň has uly depginde alnyp barylýan ösüşini seretmek we muňa içinden göz ýetirmek biz ulanyjylar üçin has-da hem peýdaly täsir galdyrar. Şular ýaly adalgalara, Döwrüň talaplaryna laýyk gelýän Telewizorlary we beýleki birnäçe önümleri bize has-da ýakyn etýän "Aýdyň gijeler" hojalyk jemgyýetiniň Hünärmenlerine minnetdarlyk bildirýärin! Täze telewizorda Täze ösüşleriňizi görmek bize hem nesip etsin!

104
HelloWorld ( 08/03/2021 )

Bahalar arzan..!

58
azapow97 ( 08/03/2021 )

Ýurdumyz ähli ugurlardaky ýollarda ösüşli menzilleri nazarlaýar.Dürli hili tehnika we tehnologiýa enjamlarynyň önümçilikleriniň ýola goýulmagy, daşary ýurtlaryň önümleriniň ýerini tutjak birnäçe ugurlardaky önümçiliklerimiziň mukdarynyň artmagy we hiliniň ýokarlanmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy üçin gönükdirilen işleriň özenidir.«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ençe ýyllardan bäri öz önümleri bilen halka hyzmat edip gelýär hem-de öndürilýän önümleriň hil we kuwwatlylyk derejesini dünýä ülňülerine laýyk taýýarlamak bilen ýurdumyzda sanly ulgamyň kämilleşmeginde öz mynasyp goşandyny goşýar.Häzirki wagtda önümçilik hojalygynyň önümçilik kuwwaty we görnüşleri köpelýär. Monoblok görnüşli kompýuter «Şowly», Smart görnüşli telefon «Milli», öýjükli telefonlaryň iki simkartly kiçi görnüşlisi «Körpe», «Internet ulgamyny paýlaýjy» enjama ― routora «Uçgun», agyz suwuny sowadyjy we gyzdyryjy enjama «Teşne», split görnüşli kondisionlare bolsa «Mylaýym» diýip atlandyrylan ýagdaýda önümleriň önümçiligi ýola goýuldy.Biz hem garaşsyz watanymyzyñ şeýle ösüşler gazanýanlygyna has hem buýsanýarys.Geljekde-de hojalyk jemgyýetiniň hili we kuwwatlylygy gowy, import önümler bilen bäsdeş önümleri öndürip, halkymyza hyzmat etjekdigine berk ynanýarys.

58
ruslan_5576 ( 08/03/2021 )

Dine üstünlik arzuk edýän işinizde berekella öñe diñe öñe!!!!!

63
Ahmedmamedov ( 08/03/2021 )

Мы телевизор тебе дарим, Чтоб приукрасить твой досуг. Он не сравнится с твоим старым И цвет шикарнее и звук… Бери, владей своим подарком И принимай стихи к нему. Пусть будет настроение ярким Всегда, благодаря ему!

72
Yhlas11 ( 08/03/2021 )

"Aýdyñ gijeler"-bu türkmen tehnologiki industriýasynyñ düýbüni tutujy kompaniýalaryñ biridir.Sebäbi ýene 10-20 ýyldan bu kompaniýa diñe bir telewizorlar,smartfonlar öndürmän,halkymyza "Smart-home" proýektini hödürlemäge mümkinçiligi bar kompaniýadyr.

58
Joker02 ( 10/03/2021 )

Yene 10-20 yyldan smart citida adamlar yasap baslar-lar smart home su wagtdan durmusa gecirilyar

41