Soňky habarlar

Arhiw

Mewlüt Çawuşoglu Türkmenistana geldi

12:2306.03.2021
0
10768

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Türkmenistana geldi. Bu barada türk metbugatyna salgylanyp, «Atavatan-Türkmenistan» habar berýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly,  Türkiýäniň ministri 5 ― 10-njy mart aralygynda Türkmenistanda,  Özbegistanda we Gyrgyz Respublikasynda saparda bolýar. Türk ministri biziň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz tarapyndna kabul ediler. Bu duşuşykda ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkiýäniň ministri Mewlüt Çawuşoglu özüniň resmi «Twitter» sahypasynda Merkezi Aziýa saparyny doganlyk Türkmenistandan başlaýandygyny belläp geçipdir.

Türk ministri Türkmenistandaky saparyny tamamlap, Özbegistana we Gyrgyz Respublikasyna saparyny dowam etdirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň