Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyryň» topardaşy «Interiň» ozalky ýarym goragçysy bilen şertnama baglaşdy

10:2704.03.2021
0
6145

Tunisiň milli ýygyndysynyň ozalky ýarym goragçysy Tijani Belaid Gyrgyzystanyň «Alaý» futbol topary bilen şertnama baglaşdy. Bu barada Gyrgyzystanyň profesional futbol ligasynyň metbugat gullugy habar berilýär.

33 ýaşly hüjüme ýakyn oýnaýan ýarym goragçynyň soňky çykyş eden topary Yragyň «Erbili» bolupdy. Ol «Alaýyň» düzümine erkin oýunçy bolup geçdi.

2006-njy ýyldan 2015-nji ýyla çenli Tunisiň milli ýygyndysynda çykyş eden Belaid 20 duşuşykda üç gezek tapawutlandy. Ol ýaşlygynda Fransiýanyň ýaşlar ýygyndysynda hem futbol oýnapdy.

Onuň futbol ýoly «Inter», PSW, «Slawiýa», «Hall Siti», APOEL, «Union», «Moreýrense», «Lokomotiw Plowdiw» ýaly meşhur toparlar bilen bagly. Şeýle hem ol Aziýanyň we Afrikanyň birnäçe toparynda çykyş etdi.

«Alaýyň» AFK-nyň kubogy ― 2021-de «Altyn asyryň» topardaşydygyny ýatladýarys. Olaryň wekilçilik edýän «F» toparçasynyň duşuşyklary 14 ― 20-nji maý aralygynda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň