Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

23:5826.02.2021
0
15655

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Has takygy, mejlisiň barşynda:

  • Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, şol sanda 2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek ýokary derejeli 14-nji mejlisine türkmen tarapynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri;
  • Energetika ministrligi tarapyndan türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara, şol sanda Özbegistan Respublikasyna ibermegiň ugurlaryny giňeltmek meseleleri boýunça degişli işler;
  • Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk işleri hem-de şanly sene mynasybetli guraljak dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy;
  • ýurdumyzyň obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, gazanylan ösüş depginini saklamak, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça geçirilýän işler;
  • Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak;
  • Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek sergä we maslahata görülýän taýýarlyk işleri;
  • Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri;
  • türkmen-eýran serhedindäki «Dostluk» demir ýol köprüsiniň üstünden geçýän ikinji demir ýol şahasyny birikdirmek boýunça alnyp barylýan işler;
  • Türkmenistanyň «Altyn nesil» atly çagalar guramasyny döretmek boýunça alnyp barlan işler;
  • ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebitiň çykarylýan mukdaryny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler bilen bagly meselelere seredildi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň