“Muhammet-Balkan” kompaniýasy tarapyndan, “MB shoes” haryt nyşanly 4 sany täze aýakgap görnüşi çykaryldy.
Oglanlar we gyzlar üçin niýetlenen nusgawy görnüşdäki täze modellerinde süýşmeýän rahat daban bar we mekdep eşikleri hem-de gündelik geýilýän eşikler bilen ajaýyp gabat gelýär. Ýelmenýän bagjygyň we reziniň goýulmagy, aýakgabyňyzy geýmegi we çykarmagy aňsatlaşdyrýar.
“Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýeti, tebigy deriden öndürilýän önümleriniň görnüşini giňeltmegi dowam etdirýär.