ABŞ-nyň Tehas ştatynda takmynan dokuz million adam ýa-da ştatyň ilatynyň üçden bir bölegi sowuk howa sebäpli agyz suwy meselesine duçar boldy. Bu barada «NBC News» habar berýär.
Duşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet gubernatory Greg Abbott Milli gwardiýanyň we harbylaryň ertirden başlap Tehas ştatynyň ilatyna agyz suwuny paýlap başlajakdygyny aýtdy.
Maglumatlara görä, häzirki wagtda Tehas ştatynyň ilatyna, eýýäm 3,5 million çüýşe suw paýlanandygy bellendi.
Abbott Tehasdaky suw geçirijileriň abatlaýyş işleriniň häzirki wagtda güýçli depginde alnyp barylýandygyny hem aýtdy
Maglumatlara görä, şu ýylyň 20-nji fewralynda ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden güýçli gar sebäpli Tehas welaýatyny ýurduň «Tebigy betbagtçylyk zolagy» diýip yglan etdi.