Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda arhiw işi boýunça ýüztutmalar uzak aralykdan hem kabul edilýär

10:4124.02.2021
0
34694

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi mundan beýlkä raýatlaryň ýüztutmalarynyň elektron poçta arkaly hem kabul edilýändigini habar berýär.

Ýüztutma müdirligiň resmi web saýtyndan elektron görnüşinde, aragatnaşyk poçta arkaly hat üsti bilen ugradylyp bilner, şeýle hem döwlet arhiwleriniň ýerleşýän ýerleri boýunça ýüztutmalary kabul edýän bölümlerine tabşyrylyp bilner.

Ýüz tutýan raýat (edara) sowalnama-arzada özleri barada maglumatlary doly görkezmedik ýagdaýynda ýüztutma ýerine ýetirilmäge degişli edilmeýär.

Arhiw maglumatlaryny üçünji tarap üçin soraýan adamlar sowalnama-arzada soralýan maglumatlaryň maksadyny anyk görkezmeli, dil hatyny we garyndaşlyk derejesini delillendirýän resminamalaryny ýa-da döwlet notarial edarasy tarapyndan tassyklanan ynanç hatyny goşmaly.

Döwlet arhiwlerinde ýüztutma boýunça işiň netijeleri arhiw güwänamalary, arhiw resminamadan bölek göçürmeleri ýa-da maglumat beriji hatlary görnüşinde taýýarlanylýar we ýüz tutýanyň eline berilýär ýa-da sowalnama-arzada görkezilen salgy boýunça hat bilen ugradylýar.

Sowalnama-arzanyň maksadyna laýyklykda berkidilmeli resminamalaryň görnüşleri:

1. Mellek ýer bölüp bermek barada arhiw güwänamany almak üçin - pasportyň göçürmesi, kararyň göçürmesi (bar bolan ýagdaýynda), kararda agzalan raýatyň ýüz tutýan bilen garyndaşlyk derejesini tassyklaýan resminamalar;

2. Türkmenistanyň edaralarynda raýatlaryň zähmet çeken ýyllaryny we zähmet haklaryny tassyklaýan arhiw güwänamalaryny almak üçin - pasportyň we zähmet depderçesiniň göçürmesi;

3. Jaýy hususylaşdyrmak barada arhiw maglumatlary almak üçin – tükelleýiş işiniň we (ýa-da) öý kitabynyň göçürmesi, jaýyň eýesiniň pasportynyň göçürmesi (eger-de eýesi aradan çykan ýagdaýynda, onda ölümi hakynda şahadatnamasynyň göçürmesi we garyndaşlyk derejesini tassyklaýan resminamalar);

4. Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň adynyň üýtgedilmegi we üýtgeldilip guralmagy barada güwänama almak üçin – pasportyň göçürmesi;

5. Döwlet sylaglary bilen sylaglanylmagyny tassyklaýan maglumatlary almak üçin – pasportyň we sylaglanmak şahadatnamasynyň göçürmesi;

6. Kazyýetiň çözgütleri barada maglumatlary almak üçin (diňe ygtyýarly edaralara berilýär) – ygtyýarly edaranyň başlygy tarapyndan gol çekilen ugradyş haty (resmi kagyzda);

7. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlygy barada maglumaty almak üçin – garyndaşynyň pasportynyň göçürmesi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň