Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021–2022-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama gol çekildi ― diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.
Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagy, şeýle-de iki döwletiň maýa goýum işjeňliginiň giňeldilmegi hem iki döwletiň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasy boldy.