Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly okuwçylar halkara surat bäsleşiginiň ýeňijileri boldular

19:1320.02.2021
0
9373

Laçynlary we ýyrtyjy guşlary goramak boýunça halkara jemgyýetiniň Brýussel şäherinde ýerleşýän merkezi edarasy tarapyndan çagalaryň arasynda halkara surat bäsleşigi yglan edildi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Bäsleşigiň maksady iň gowy eserler bilen tematiki senenama döretmekden ybarat boldy.

Türkmenistanly çagalaryň çeken suratlarynyň ýygyndysy düzmek we olary halkara eminler toparyna ýollamak işi ýurdumyzyň Milli Elguşçylar jemgyýeti tarapyndan guraldy.

Bäsleşigiň netijelerine görä, şu gün neşir edilen senenamada iki watandaşymyz ― Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary Döwran Pälwanowyň we Bibi Hojagulyýewanyň çeken suratlary ýerleşdirilipdir.

Döwran paýtagtymyzdaky 15-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy, Bibi bolsa 61-nji orta mekdebiň 4-nji synpynda okaýar.

Ýeňijileri gutlaýarys!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň