«Nur ýüpek» ýüpek we bambuk matalaryň dükanlar zynjyry lomaý söwdada arzanlaşyk yglan etdi.
Bu arzanlaşygyň çäklerinde 50 kişilik «flamaster» ýüpek matasyny alana 500 manatlyk arzanladyş, şol matanyň 100 kişiligini alana bolsa 1000 manat arzanladyş berilýär.
Bu arzanladyşyň wagt tarapdan çägi bolmasa-da, mukdar taýdan çägi bar. Ýagny, müşderi bir aýyň dowamynda bir ýa-da birnäçe saparda 50 ýa-da 100 kişilik mata alan ýagdaýynda arzanladyş almaga mümkinçilik alar. Eger-de alyjy bellenilen çäkden az alsa ýa-da 50 we 100 kişilik çäklenmäni bir aýdan köp wagta “çekjek” bolsa, bu ýagdaýda arzanlaşykdan peýdalanyp bolmaýar.
«Nur ýüpek» markasy ýüpek we bambuk süýümli matalary bilen biziň ýurdumyzda giňden tanalýar. Köp görnüşli reňkler, elýeterli baha we ýygy-ýygydan geçirilýän arzanlaşyklar ýurdumyzyň raýatlarynyň «Nur ýüpege» bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar.