Golaýda Russiýanyň «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýeti tarapyndan «Türkmennebit» döwlet konserniniň hajatlary üçin Balkanabat şäherinde nasos-kompressor turbalaryny abatlamak boýunça bölümçesi açyldy. Bu barada «Balkan» gazeti habar berýär.
«Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýeti birnäçe ýyldan bäri «Türkmennebit» döwlet konsernine guýulary düýpli abatlamak, olaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmat edip gelýär. Onuň döwlet konserniniň guýularynda geçiren geologiýa-tehnologiki çäreleri 300 müň tonnadan gowrak nebitiň goşmaça çykarylmagyna mümkinçilik berdi.
Guýulary abatlamakda bolşy ýaly, olaryň ulanylyşynda hem peýdalanylýan nasos-kompressor turbalaryň abatlanmagy maýa goýum çykdajylaryny azaltmaga, turbalaryň jebis däldigi sebäpli durmalary kemeltmegiň hasabyna guýularyň abatlanma döwrüniň arasyny uzaltmaga mümkinçilik berýär.
Bölümçäniň sehinde turbalary gidrawliki synag etmek, turbalary basyş astynda synag etmek üçin, muftalary açýan we ýapýan desgalar, turba kesiji stanok, turbalara gözegçilik ediji enjam bolup, olaryň hemmesinde işler kompýuter arkaly amala aşyrylýar. Şeýle-de, bölümçede nasos-kompressor turbalary bug bilen ýuwulýan desga gurnalan. Onuň kuwwatlylygy sagatda 12 turba çenli bolsa hem, zerur ýagdaýlarda goşmaça çykdajy edilmezden, iki esse artdyrmaga mümkinçilik bar.