«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň habaryna görä, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Sahyjan obasynda täze söwda dükany açyldy.
Işlän başlanyna ýaňy bir aý bolan dükan azyk we senagat önümleriniň çaklaňja bazaryny ýadyňa salýar.
Şeýlelikde, ol Çärjew etrabynyň alyjylar jemgyýeti tarapyndan bellige alnan iri söwda merkezleriniň 70-njisi boldy.
Çaklaňrak bazar sowadyjyly enjamlar bilen üpjün edildi, 12 sany ýük ulagy harytlary eltip bermek hyzmatyny edýär.
Umuman, ýerli söwda nokatlary ilaty, takmynan, 150 müň adam bolan etraby dürli harytlar bilen üpjün edýär. Olar daýhan birleşikleriniň 13-siniň çäginde ýerleşýärler.