«Miweli ülke» hususy kärhanasy 15 ― 26-njy fewral aralygynda geçiriljek «Merkezi Aziýa - Wirtual EXPO (CAVEX)» halkara onlaýn sergisine gatnaşar. Sergini Ýaponiýanyň Russiýadaky söwda assosiasiýasy täze garaşsyz döwletler bilen bilelikde gurnaýar.
«Miweli ülke» bu sergä geljek ýylda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän üç sany uly taslama bilen gatnaşar. Olaryň düzüminde gök önümleri gaýtadan işleýän önümçilik toplumy bolan sowadyjy ammarlar, tohumlyk ýeralmany saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlar we banandyr sitrus miwelerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýyladyşhana toplumydyr. Kompaniýanyň meýilnamalary sergä gatnaşyjylar we ony gurnaýjylar üçin taýýarlanan hasabatda jikme-jik görkezilýär. Şeýle hem «Miweli ülke» maýa goýum webinarlarynyň birnäçesine gatnaşar. Bu serginiň çäginde Türkmenistanyň senagatynyň we ykdysadyýetiniň gazananlaryny 2021-nji ýylyň 19-njy fewralynda görkezmek hem meýilleşdirilýär.
«Miweli ülke» hususy kärhanasy, 2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň bazarlaryny ter miwe we gök önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen işleýär. Şeýle hem kompaniýanyň önümçilik kärhanalary mekgejöwenden we bugdaýdan taýýarlanan çipsileri, düzüminde tüwi we bugdaý bolan süýjülikleri hem-de dürli görnüşli kofeleri öndürip, daşary ýurtlara eksport edýär.