Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen şaý sepleri Sarysino muzeýiniň onlaýn sergisinde görkeziler

12:5606.02.2021
0
6784

XIX asyrda we XX asyryň birinji ýarymynda Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan getirilen we şol ýerlerde işjeň ulanylan şaý sepler Sarisyno muzeýindäki «Kümüş gündogar» wirtual sergisinde görkeziler.

Sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan gündogar gymmatlyklary barada gyzykly maglumatlary edinmek hem mümkindir. Bu baradaky maglumatlar muzeýiň sosial torlaryň birindäki sahypasynda ýerleşdirildi.

Sergini guraýjylar gündogar şaý seplerine diýseň ýokary baha berýärler. Mundan ozal 2018-nji ýylda hem guralan şeýle sergi Moskwanyň ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda uly täsir galdyrypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň