Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Aşgabat bahary» atly kinofestiwal geçiriler

16:4002.02.2021
0
7484

Zehinli kinorežissýorlary, dramaturglary, operatorlary, artistleri ýüze çykarmak, şeýle hem Aşgabat şäheriniň gözelligini, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten üstünliklerini çeper beýan etmek hem-de çuň many-mazmunly filmleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna, şeýle hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlap, ýurdumyzda geçiriljek «Aşgabat bahary» atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalyny geçirýär.

Kinofestiwala ýurdumyzda hereket edýän döredijilik toparlary gatnaşyp bilerler. Döredilen filmler 2021-nji ýylyň 15-nji maýyna çenli kabul edilip, kinofestiwalyň ýe ňi jileri 23-nji maýda şu ugurlar boýunça kesgitleniler:

— Baş baýrak.

Eminler toparynyň baýragy:

— iň gowy ssenariýa eseri;

— iň gowy operatoryň işi;

— iň gowy keşbi döreden erkek kişi;

— iň gowy keşbi döreden zenan kişi;

— tomaşaçylar tarapyndan saýlanan film.

«Aşgabat bahary» kinofestiwalyna gatnaşmaga howlugyň!

Ha­bar­laş­mak ­üçin ­te­le­fon ­bel­gi­le­ri:­­ 49-37-01; ­49-37-02.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň