Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň keşdeçilik sungaty UNESKO-nyň maddy däl medeni miras sanawyna hödürlenilýär

23:4901.02.2021
0
15640

Şu gün Medeniýet ministrliginde onlaýn görnüşde UNESKO-nyň Klaster edarasynyň (Tähran) wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi. 

Gün tertibine UNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hödürlemek üçin bilelikdäki teklipleri taýýarlamak bilen bagly meseleler girizildi. Hususan-da, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmeniň “Keşdeçilik sungaty” atly köp görnüşli hödürnamany taýýarlamak barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Duşuşyga gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän medeni gymmatlyklaryny, şol sanda keşdeçilik sungatyny aýawly saklamakde UNESKO-nyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk syýasatynyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ynsanperwer goşulyşmany goldap, medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegini ugur edinýän medeniýet ulgamyndaky ähmiýetli başlangyçlary we taslamalary işjeň ilerledýändigi we iş ýüzünde amala aşyrýandygy bellenildi.

Keşdeçilik sungaty milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen halkynyň däpleriniň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Bu sungatyň dünýä üçin ähmiýetiniň ykrar edilmegi ony aýawly saklamaga ýardam edip, halklaryň medeni gatnaşyklaryny has-da berkider.

Ýeri gelende aýtsak, 30-njy ýanwarda milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça UNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerini UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek, şeýle hem UNESKO bilen özara gatnaşyklary giňeltmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň