Türkmenabat şäherinde nobatdaky jemgyýetçilik kabul edişliginiň geçiriljek günleri belli boldy

20:4721.01.2021
0
8313

27-nji ýanwarda, 3-nji hem-de 17-nji fewralda welaýat adalat bölüminiň we adalat edaralarynyň ulgamyna girýän beýleki gulluklaryň, prokuratura, kazyýet edaralarynyň jogapkär işgärleriniň hem-de adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmagynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär.  Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.

Kabul edişlik Türkmenabat şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň 8-nji jaýynda — welaýat adalat bölüminiň binasynda sagat 17.00-da başlanýar. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 422 3-30-40.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň