19-njy ýanwarda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary hem-de «muzeýologiýa we medeni hem-de tebigy mirasyň binalaryny goramak», «taryhy-etnografik gymmatlyklary dikeltmek» we «arheologiýa» hünärleri boýunça bilim alýan talyplar üçin onalýn-umumy sapak geçirildi.
Fransiýanyň Luwr Muzeýiniň hormatly baş konserwatory hanym Anni Kubet «gazyp agtaryşlardan muzeýe çenli: saklap galmak we dikeltmek düzgünleri» temasyndan umumy sapak geçdi.
Sapagyň dowamynda hanym Kubet gazuw-agtaryş işlerini geçirmek, arheoligik artefaktlary saklamak we dikeltmek düzgünleri boýunça öz toplan baý tejribesi barada gürrüň berdi. Ol gazuw-agtaryş işlerini geçirmek boýunça arheologik kartalary işläp taýýarlamagyň, soňy bilen muzeýlerde goýulýan tapylan zatlary we binalary hasaba almagyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi.
Fransiýaly hünärmen şeýle hem obýektleri Luwr Muzeýinde goýmagyň, medeni mirasyň obýektleriniň saklamak boýunça işleriň tertibini we ätiýaçdaky artefaktlary saklamagyň usullaryny beýan etdi.
Umumy sapagyň dowamynda türkmen-fransuz arheologik topary (MAFTUR) barada gürrüň berýän, onuň wezipelerini we taryhy ýadygärlikleriň hasaba alnyşyny, dikeldilişini we saklanylyşyny görkezýän baý fotomaglumatlar bilen tanyşdyryldy.
Makalanyň maglumatlaryny we suratlary Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy berdi.
Soňky habarlar
Arhiw
Luwr Muzeýiniň hormatly baş konserwatory türkmen talyplary bilen onlaýn-umumy sapak geçdi
12:1421.01.2021
0
5007
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň