Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň miwe we gök önüm öndürijileri halkara maslahata gatnaşmaga çagyrylýar

14:4516.01.2021
0
6378

Eksport bilen gyzyklanýan Türkmenistanyň miwe we gök önüm öndürijileri  «Miwe we gök önümleri öndürmeklikde we eksport etmeklikde Özbegistanyň iň oňat tejribeleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaklyga çagyrylýar.

Halkara ylmy-amaly maslahaty, iň oňat tejribeleri paýlaşmaklyk üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşigi bilen hyzmatdaşlykda bolan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş boýunça guramasynyň (USAID) «Merkezi Aziýada  bäsleşige ukyplylyk, söwda we täze iş orunlary döretmeklik» (CTJ) atly taslamasynyň esasynda guralar.

Halkara ylmy-amaly maslahatynyň örän girdejili miwe we gök ekin önümlerini öndürmeklik we olaryň eksportyny ösdürmeklik bilen baglanyşykly bolan iki mejlisiniň (sessiýanyň) dowamynda köp sanly meselä serediler.

Hünärmenler halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylaryň soraglaryna-da jogap bererler.

Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaklyk isleýänler sowalnamany doldurmaly we 2021-nji ýylyň 31-nji ýanwary güni, sagat 18:00-a çenli ctjexportsupport@dai.com salgysyna ibermeli. 

Gatnaşmaklyk üçin arzalar bäsdeşlik esasynda saýlanar. Saýlanylan gatnaşyjylar e-poçta salgysyndan görkezmeler bilen goşmaça maglumat alarlar.

Halkara ylmy-amaly maslahaty, 2021-nji ýylyň 16-njy fewralynda irden sagat 10:30-da başlar we onlaýn formatda «Zoom» platformasynda rus dilinde geçiriler.

Habarlaşmaklyk üçin:

Telefon: +99365 687965 

E-poçta: ctjexportsupport@dai.com

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň