Top.Mail.Ru

“Ak Tam Bazary” söwda platformasy 2020-nji ýyldaky iň meşhur önümlerini gözden geçirdi

18:1312.01.2021
0
8328

“Ak Tam Bazary” topary, 2020-nji ýylda onlaýn söwda platformasynda uly isleg bildirilen harytlara syn berýär.

1. Smartfonlar we enjamlar

Smartfonlaryň satuwy elektron söwdada iň meşhurlardan biri bolmagyny dowam etdirýär. Şol bir wagtyň özünde ykjam we akylly enjamlar üçin birnäçe gerekli esbaplar hem satyn alyndy.

Şeýlelikde, “Asia Tech”-den akylly sagatlar we simsiz nauşniklar öňdeligi eýeledi.

2. Egin-eşikler we aýakgaplar

Soňky wagtda internet arkaly köplenç egin-eşikler we aýakgaplar sargyt edildi. Bu toparda çagalar üçin eşikleri sarp edijileriň halaýan “Baby room” dükany üstünlik gazanmagy başardy.

Zenanlaryň arasynda “Nur Ýüpek” matalary, has gowy talap bildirdi.

3. Öý-hojalyk enjamlary

Onlaýn satyn almagy has gowy görýänleriň başga bir önüm topary hem öý-hojalyk enjamlarydyr. “Scopa” dükanynyň öý hojalyk üçin enjamlaryna, geçen ýyl aýratyn isleg bildirildi.

4. Gurluşyk materiallary

Bu toparda kompaniýalaryň öňdebaryjy önümleri bar:

“Asman gurluşyk harytlaryndan” - gurluşyk materiallary;

“Türkmen senagatdan” - gasynly turbalar;

“Ynamly Netijeden” - lateks örtükli iş ellikleri;

5. Içerki elementler

Geçen ýyl içerki bezeg önümlerine bolan isleg hem az däldi. Sanawda ady belli dükanlaryň harytlary hem bardy:

“Tutular merkezinden” – şortlar we perdeler;

“Decor +”-den otagyň islendik görnüşi üçin bezeg ýygyndylary.

“Ak Tam Bazary” bilen şu salgy arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň