Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Bagabat» atly türkmen şypahanasy Russiýanyň «MIR 24» teleýaýlymynyň ünsüni özüne çekdi

09:5811.01.2021
0
44432

Türkmenistanyň şypahana zolagy ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmeklik babatda ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Russiýanyň «MIR 24»  teleýaýlymy Aşgabadyň golaýynda açylan «Bagabat» şypahanasy barada täzelik berdi. Täzelikde bu şypahanada Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň gyş dynç alyş günlerinde-de  dynç alýandyklary barada habar berilýär.

«Bagabat» şypahanasy ähli halkara ülňülerine laýyk gelýär we bir gezekde 200 adama hyzmat etmäge niýetlenendir.

Russiýanyň «MIR 24»  teleýaýlymynyň habarçysy Anton Şestakow «Bagabat» şypahanasynda haýsy keselleriň bejerilýändigini we bu ýerdäki howanyň iň arassa howadygyny anyklady.

Bu täsin ýere gül jülgesi diýilýär. Habarçynyň habaryna görä, «Bagabat» şypahanasy şu ýerde ýerleşýär. Bu ýerde dynç alýanlaryň pikiriçe, arassa dag howasy we gün şöhlesi häzirki zaman bejeriş usullary bilen utgaşyp, hakykatdanam täsinlikler döredýär.

Häzirki wagtda «Bagabat» şypahanasynda bolýan, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory Batyr Myradow:

«Biz dynç aldyk, bejergi aldyk, saglygymyzy berkitdik. Bu ýerde adam hemişe şadyýan bolar ýaly örän köp öňüni alyş çäreleri görülýär.» – diýip belledi. 

«Bagabat» şypahanasyndaky fiziki bejergi, mineral suwlar we palçyk bilen bejergi (balneoterapiýa) hem-de SPA amallary adamyň özüni gowy duýmagyna kömek edýär.

Ultrases lukmany Şirin Annaberdiýewa:

«Şypahanamyz iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu ýerde diňe bir türkmen raýatlaryna däl, eýsem ýurdumyzyň daşary ýurtly myhmanlaryna-da ýylyň bütin dowamynda ýokary hilli hyzmatlary berýäris.» – diýip nygtady. 

«Bagabat» şypahanasynda dem alyş organlaryny, ýürek we nerw ulgamlaryny bejermeklige aýratyn üns berilýär.

Pulmonolog lukmany Ogulgerek Saparmyradowa:

«Keselleri bejermegiň iň işjeň usuly arassa howa, dozaly fiziki işjeňlik we ýörite fizioterapiýadyr. Bejerginiň şeýle işjeň usuly «Bagabat» şypahanamyz tarapyndan üpjün edilýär.» – diýip belledi. 

Russiýanyň «MIR 24» teleýaýlymynyň habarçysynyň aýtmagyna görä, Bagabat» şypahanasynyň çaýhanasynda myhmanlara dermanlyk ösümlikleriniň dürli görnüşlerinden taýýarlanan hoşboý ysly melhemlik çaýlary hödürlenýär,

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň