Berdimuhamedow Indoneziýanyň Prezidentine uçar heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi

23:2010.01.2021
0
7676

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo “Sriwijaya Air” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany halkyň, Hökümetiň, şeýle hem öz adyndan şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi.

Ýerli «Sriwijaya Air» awiakompaniýasynyň «Boeing 737-524» uçary şenbe güni Jakartadan Pantianak şäherine (Günbatar Kalimantan welaýatynyň paýtagty) 50 ýolagçyny, 6 ekipaž agzasyny we awiakompaniýanyň 6 işgärini alyp barýardy. Paýtagtyň howa menzilinden uçandan takmynan dört minut soň uçar Ýawan deňzine gaçdy. Uçardakylaryň hemmesi öldi.

Meteorologiýa, howa we geofizika gullugynyň wekili Dani Saptiadiniň şu gün žurnalistlere habar berşi ýaly, «Boeing 737-524» uçuş wagtynda ýyldyrym bbilen çaknyşdy.

Lankang adasyndaky balykçylaryň biri CNN gullugyna uçaryň howada ýarylandygyny we asmanda partlamany eşidendigini, soň bolsa deňze gaçýan galyndylary görendigini aýtdy.

«Flightradar24» portalynyň habaryna görä, ölüme sebäp bolan uçuşy amala aşyran uçar 1994-nji ýyldan bäri peýdalanyp gelinýärdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň