Türkmenistany hem öz içine alýan dünýäniň 21 ýurdundan zehinli ýaşlaryň 1006-sy Gazagystanda başlanan fizika, matematika we informatika boýunça halkara ders bäsleşiginde öz ukyp-başarnyklaryny görkezerler.
Iki tapgyrda geçirilýän häzirki akyl-paýhas bäsleşiginde türkmen toparyna Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan zehinli we takyk derslerde çuňňur düşünjeler bilen tapawutlanýan ýokary synp okuwçylarynyň 10-sy wekilçilik edýär.
Bäsleşigiň netijelerine abraýly eminler tarapyndan baha berler. Munuň özi bolsa, bäsleşige gatnaşyjylara mundan beýläkde ösmeklik we takyk ylymlara bolan başarnyklaryny artdyrmaklyk üçin ajaýyp mümkinçilik berýär.
Halkara ders bäsleşigi 12-nji ýanwara çenli dowam eder, şondan soň bolsa ýeňijileriň atlary yglan ediler.
«Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetleriniň şu gün habar berşi ýaly, biziň ýurdumyzda içerki matematika mekdebiniň däpleri emele geldi.
Bilim ulgamynda täzeçil özgertmeleriň aýdyň netijelerinden biri, türkmen mekdep okuwçylarynyň dürli ugurlar boýunça abraýly ders bäsleşiklerinde gazanýan ýeňişleridir.