Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet sirkinde täze haýwanlar peýda boldy

12:3306.01.2021
0
8360
Türkmenistanyň Döwlet sirkinde täze haýwanlar peýda boldy

Türkmenistanyň Döwlet sirkinde täze oýunçy haýwanlar ýagny, Tom atly maýmyn we Aýhan atly düýeguş peýda boldy. Bu barada “Turkmenistan: Altyn asyr” habar gullugy habar berýär.

Haýwanlar sirke janly tebigatyň milli muzeýinden getirildi. Aýhan atly düýeguş täze ýylda ilkinji gezek Türkmen telewideniýesinde sygyr we taýhar bilen gülküli çykyşy ýerine ýetirdi.

Tom atly maýmyn bolsa entäk oýunçy diýip atlandyrardan biraz irräk, ol henizem ilkinji oýununy öwrenýär we özleşdirýär. Hatda öwredilýän oýunlary tälimçi Halap Baýrammyradowyň elindäki ýüpüň kömegi bilen ýerine ýetirýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň