Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

AŞTU-nyň resmi saýtynda we mobil programmasynda başga bir müşderiniň hasabyny doldurmaga mümkinçilik döredildi

00:1806.01.2021
0
24397

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» AGPJ-niň resmi web saýtynda «Altyn asyr» bank kartlary bilen başga bir müşderiniň hasabyny doldurmak mümkinçiligi döredildi. Şeýlelikde, siz garyndaşlaryňyza ýa dostlaryňyza-da töleg babatynda ýardam berip bilersiňiz.

Mundan beýläk islendik ulanyjy internet, IPTV, şeýle hem telefon hyzmatlarynyň hasabyny doldurmak üçin «Altyn asyr» bank kartlaryny ulanyp, onlaýn töleg geçirip biler.

Hasaby doldurmak üçin AŞTU-nyň web saýtynyň baş sahypasyndaky «Hasaby doldur» bölümine girip, öý telefon belgiňizi girizmeli. Soňky ädimde puluň mukdaryny görkezmeli. Şondan soň iberiji pul geçirimi bilen bagly SMS habaryny alar we pul derrew alyjynyň hasabyna geçiriler. Bu hyzmat bilen 3000 manata çenli pul iberip bilersiňiz.

Bu töleg usuly AŞTU-nyň iOS  we Android  enjamlary üçin ýöriteleşdirilen programmalarynda hem elýeterlidir.

Mundan öň bank kartlary arkaly diňe şahsy hasabyňy dolduryp bolýardy. 

Şeýle hem AŞTU-nyňň resmi web saýtynda her bir müşderiniň şahsy hasabyna girip, internetiň, telefonyň, IPTV-iň hasabyny görüp biljekdigini ýatladýarys. «Şahsy hasap» üçin PIN koduny almaly. Munuň üçin bolsa öý telefonyňyzdan 084-e jaň ediň we berlen PIN kody giriziň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň