Türkmenistanda Täze, 2021-nji ýylda ilkinji bäbekleriň biri Lebap welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde dünýä indi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Oglanjyk täze ýylyň ilkinji sekuntlarynda Saýat etrabyndan Seýitnazarowlaryň maşgalasynda dünýä geldi. Bagtyýar maşgala täze dünýä inen perzentlerine Remezan diýip at goýdular.
«Bu täze ýyl bize bagt getirdi. Maşgalamyzda dördünji perzendimiz — oguljygym Remezan dünýä indi. Merkeziň lukmanlaryna köp sagbolsun aýdýaryn. Olar oglumyň sagdyn dogulmagy üçin elde baryny etdiler» — diýip, täze dünýä inen perzendiň enesi aýtdy.