Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi

21:4430.12.2020
0
53478

Şu gün – 30-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen iň soňky mejlsiniň barşynda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa 2021-nji ýyly mynasyp atlandyrmak we ýylyň nyşanyny tassyklamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hasabat berlişi ýaly, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryndan ugur almak bilen, ýurduň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyy, umumadamzat ähmiýetli halkara başlangyçlary giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, şeýle hem geljek ýylda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi mynasybetli, 2021-nji ýyly mynasyp atlandyrmak boýunça teklipler öwrenildi.

Şu mesele boýunça geçirilen işleriň netijesinde geljek ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrmak teklip edildi. Şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna bäsleşigiň jemleri boýunça kesgitlenen 2021-nji ýylyň nyşanynyň taslamasy hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hödürlenen teklipleri makullady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň