«Miweli ülke» «Hoşwagt» haryt nyşanly önümlerini dünýä döwletlerine eksport edýär

15:3230.12.2020
0
10796

«Miweli ülke» hususy kärhanasy eksport bazaryndaky ornuny barha giňeldýän türkmen kompaniýalarynyň biridir.

Hususan-da, «Miweli ülkäniň» «Hoşwagt» haryt nyşanly kofeleri, mekgejöwenden we bugdaýdan taýýarlanan çipsileri we beýleki önümleri Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan ýaly döwletlere eksport edilýär.

Mary şäherinde ýerleşýän hususy kärhana eksport bazary bilen bir hatarda içerki bazary hem miwe we gök önümler bilen üpjün edýär.

Öz işini 2016-njy ýylda ýola goýan kärhana iş gerimini barha giňeldýär. Häzir kärhana degişli 1000 tonnalyk sowadyjy ammar bar. Şol bir wagtyň özünde sygymy 10 müň 212 tonna boan täze ammaryň gurluşygyna girişildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň