Soňky habarlar

Arhiw

Aýdymçy Leýli Ökdirowa «Ýylyň parlak ýyldyzy-2020» diýen adyň eýesi boldy

12:3519.12.2020
0
54578

18-nji dekabrda Aşgabatda ýurduň ýaş aýdymçylaryň arasyndaky «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2020» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemlerine we emin agzalarynyň netijelerine görä, aýdymçy Leýli Ökdirowa «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2020» diýen adyň eýesi boldy.

Birnäçe tapgyrda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji bölegine ýaş ýerine ýetirijileriň 11-si gatnaşdy. Olaryň çykyşlaryna deslapky saýlama tapgyryň barşynda teletomaşaçylaryň hem-de radiodiňleýjileriň has köp bölegi ses berdi. «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň aýdym-saz studiýasynda geçirilen jemleýji konserte eminler göni ýaýlym arkaly ses berdiler.

Bäsleşige gatnaşyjylar ýaryşyň şertine görä, iki aýdymy, ýagny sazly we sazsyz aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Şol şerte laýyklykda, aýdymçy Leýli Ökdirowa sazly şertde «Nusaý perisi» aýdymyny, sazsyz şertde bolsa meşhur italýan aýdymyny ýerine ýetirdi. Tomaşaçylardan gelip gowşan SMS-lere we eminleriň çykaran çözgüdine görä, Leýli Ökdirowa bu döredijilik bäsleşiginde ýeňiji hem-de «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2020» diýen adyň eýesi boldy.

Ýeňijä «Ýylyň parlak ýyldyzy» kubogy hem-de höweslendiriji sylag gowşuryldy.

Bäsleşikde 1-nji orny Täşli Tülegenow, 2-nji orny Bahar Annaýewa, 3-nji orny bolsa Rahym Gurbanow dagy eýelemegi başardylar.

«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigini Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti geçirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň